Pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy

  • 16.10.2020 14:01
  • 3.4k+

«Merkezi Aziýa + Russiýa» derejesinde daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça birnäçe derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni alyş meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamak hem-de sebit ýurtlaryna bolan durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy şeýle hem ýurdumyzda pandemiýa howpuna garşy durmak boýunça geçirilýän çäreleri beýan etdi.
Ministrler Owganystan Yslam Respublikasynda dowam edýän ýagdaýy göz öňünde tutup, sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary umumy howplara we wehimlere garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek meseleleri barada hem pikir alyşdylar.
Pandemiýadan soňky döwürde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, oňyn nyrh şertleriniň üpjün edilmegine we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlandyrylmagyna itergi berjek Merkezi Aziýa döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň we Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynyň ulag-logistika ulgamyndaky ähmiýetli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň aýratynlyklary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň ahyrynda ministrler hyzmatdaşlygyň strategik ugurlary boýunça Beýannamany kabul etdiler.

şu gün 16:15
1.2k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

şu gün 16:02
485

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......