Türkmenistan hindi kompaniýalaryny bilelikdäki önümçilikleri döretmäge çagyrýar

  • 16.10.2020 10:09
  • 6.3k+

Türkmenistan maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilende hindi kompaniýalaryna goldaw bermäge taýýardyr hem-de olary oba hojalygy, himiýa, derman senagaty, ýeňil senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini çykarmak ýaly ulgamlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkinçiligine garamaga çagyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi.

Biziň ýurtlarymyzyň eýýäm şeýle hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýedigi bellärliklidir. Döwlet Baştutany bular barada aýtmak bilen, «Türkmenderman Ajanta Farma Limited» bilelikdäki türkmen-hindi kärhanasyny anyk mysal hökmünde görkezdi we saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.
Ýakyn geljekde TOPH taslamasyny amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işiň aýdyň netijeleri berjekdigine ynam bildirildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler ýurdumyzyň senagatlaşdyrmaga alan ugruny nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar.
Söhbetdeşligiň çäklerinde Prezidentler dünýä bileleşigi üçin örän uly wehime öwrülen koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem degip geçdiler.
Türkmen Lideri COVID-19-yň giňden ýaýramagynyň ähli ýurtlar üçin uly howp döredýändigini hem-de bitewülige, raýdaşlyga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, täze çemeleşmelere esaslanýan toplumlaýyn çäreleri talap edýändigini belläp, özara goldawyň hem-de umumy tagallalary birleşdirmegiň koronawirus ýokanjyna garşy göreşde üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly döwletiň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

düýn 22:17
1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.8k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....