Makgregor — Porýe duşuşygynyň senesi belli boldy

  • 15.10.2020 23:37
  • 25k+

Söweş karýerasyny tamamlan irlandiýaly Konor Makgregor UFC bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigi bilen bagly kararyny üýtgetdi. Ol Porýe bilen güýç synanyşmak üçin promouşeniň howandarlygynda çykyş etmäge razylyk bildirdi. Duşuşyk 2021-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda geçiriler. Bu barada ctnews.ru habar berýär.

“Çagyryşy kabul edýärin. 23-nji ýanwar senesi güýjünde. Maksadym – bu duşuşygy “Kowboýlaryň” meýdançasynda geçirmek. Ol ýer köpsanly tomaşaçylarymyzy sygdyryp biljek ýer. Meýdançanyň eýesi Jerri Jons hem öz dostumyz. Hemme zat ugruna. Men Tehas üçin taýýarlanaryn, Tehas bolsa janköýerlerim üçin taýýar bolsun! Şondan soň gezek Menni bilen!” – diýip, Makgregor boksçy Menni Pakýaony göz öňünde tutup aýtdy.

Bäsdeşleriň bu duşuşygy rewanş, ýagny gaýtadan güýç synanyşmak bolar. Olar alty ýyl mundan öňem oktagonda ýüzbe-ýüz bolupdylar, şonda Konor bary-ýogy birnäçe minutyň içinde Porýeni ýeňmegi başarypdy.
Arada Makgregor bilen Porýe UFC-ni gatnaşdyrmazdan, 12-nji dekabrda Dublinde haýyr-sahawat söweşini geçirmegi göz öňünde tutýandyklaryny mälim edipdi.
2020-nji ýylyň ýanwarynda geçen soňky söweşinde Makgregor amerikaly Donald Serronäni nokauta gidirdi, Porýe bolsa eminleriň biragyzdan karar bermegi bilen Den Hukeri ýeňdi. Garyşyk başa-baş göreşde Makgregoryň hasabynda 22 ýeňiş we dört ýeňliş bar. Porýeniň alty ýeňlişi bilen 26 ýeňşi bar.

şu gün 08:32
679

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......