Türkmen-saud syýasy geňeşmeleri geçirildi

  • 14.10.2020 13:19
  • 4.1k+

Düýn Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlary boýunça işjeň gepleşikler geçirildi. Gepleşikler Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady işler boýunça orunbasary Adel Siraj Salehiň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat-gullugy habar berýär.

Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň guraly bolup durýan, syýasy-diplomatik gepleşikleri geçirmegiň gerimini giňeltmekligiň mümkinçiliklerine seretdiler.
Parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň ykdysadyýet we maýa goýum, ulag, söwda, gurluşyk, himiýa senagaty we oba hojalygy ulgamlary boýunça derwaýys meseleler hakynda gürrüň etdiler. Şunlukda, taraplar türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň eksport düzüjileriniň diwersifikasiýasynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda meýillerini bildirip, taraplar bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalaryny bildirdiler. Şeýle hem dünýäde ýüze çykan epidemiologiki ýagdaýlaryň kadalaşmagy bilen iki ýurduň Medeniýet günlerini geçirmekligi dowam etmegiň zerurlygy nygtaldy.

düýn 16:15
3.5k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......