Çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy

  • 13.10.2020 23:24
  • 28k+

Türkmenistanda ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kärhanalaryň işine girizilen çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy.
Ýiti öýken sowuklama keselini döredijileriň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kärhanalaryň işine girizlen çäklendirmeleriň möhleti 15-nji noýabra çenli uzaldyldy. Bu barada “ORIENT” habar berýär.

Bu Karara laýyklykda kinoteatrlaryň, teatrlaryň, oýun-attraksion seýilgähleriniň, gözellik salonlarynyň, hammamlaryň we sport desgalarynyň (ýüzülýän howuzlaryň, fitnes we aerobika klublarynyň) işi çäklendiriler.
Bu çäklendirmeler eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, gysga möhletli tölegli okuw kurslarynyň we oýun merkezleriniň işine hem degişlidir.
Mundan öň, hyzmat ulgamynyň kärhanalarynyň işine girizlen çäklendirmeler 15-nji oktýabra çenli diýip bellenilipdi.

16.01.2026 09:05
2.5k+

2025-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girdi

2025-nji ýyl XIX asyryň ortalarynda yzygiderli gözegçilik başlany bäri iň yssy ýyllaryň sanawynda üçünji boldy. Bu barada ÝB-niň «Copernicus» klimat agentliginiň we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian habar berýär...

15.01.2026 15:32
5k+

Magnit tupanlary 2026-njy ýylyň eýýäm ilkinji iki hepdesinde ýygy-ýygydan bolýan hadysa öwrüldi

2026-njy ýylyň ilkinji iki hepdesi üýtgeşik ýokary geomagnit işjeňligini görkezdi: ýylyň başyndan bäri geçen günleriň 62%-i Kp şkalasy boýunça «sary» we «gyzyl» derejede boldy. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylda şeýle günleriň paýy 46%-di...

14.01.2026 11:03
2.5k+

2025-nji ýylda dünýä ummanynyň temperaturasy rekord derejede ýokary boldy

2025-nji ýylda dünýä ummany rekord mukdarda ýylylygy özüne siňdirdi, bu hem täze temperatura rekordyna sebäp bolup, adatdan daşary howa hadysalaryny güýçlendirdi. Bu barada Advances in Atmospheric Sciences žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, The Guardian habar berýär...

09.01.2026 16:16
5.2k+

NASA astronawtyň saglyk ýagdaýy sebäpli Crew-11 ekipažyny kosmosdan möhletinden öň yzyna gaýtarýar

NASA agentligi astronawtlaryň birinde ýüze çykan lukmançylyk meseleli ýagdaý sebäpli, SpaceX kompaniýasynyň Crew-11 ekipažyny meýilleşdirilen wagtyndan öň Ýere gaýtarmak barada karar kabul etdi. Bu barada CBS News neşiri kosmos agentliginiň direktory Jared Aýzekmana salgylanyp habar berýär...