Serdar Azmun Aziýanyň iň gymmat futbolçylarynyň 5-liginde

  • 13.10.2020 17:04
  • 18k+

Transfermarkt portaly Aziýnyň futbol konfederasiýasynyň (AFC) iň gymmat oýunçylarynyň onlugyny düzdi. Sanawda birinji ýerde «Tottenhemiň» hüjümçisi Son Hyn-Min (transfer bahasy 64 million ýewro), ikinji ýerde «Wilýarealdan» Takefusa Kubo (transfer bahasy 30 million ýewro), üçünji ýerde bolsa, «Walensiýadan» Kang-In Li (20 million ýewro) durýar.
Şeýle hem Top-10-lyga Russiýanyň çempionatyndan — «Zenitiň» we Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi, türkmen gelip çykyşly Serdar Azmun girdi. Ol 18 million ýewro transfer bahasy bilen sanawda 5-nji orny eýeledi.

düýn 17:28
3.8k+

Bir oýunçy birgiden topardan gymmat: CIES futbol akademiýalarynyň uçurymlaryna baha berdi

CIES Football Observatory guramasy professional futbol klublarynyň akademiýalarynyň netijelilik reýtingini çap etdi. Bu sanaw klublaryň terbiýäp ýetişdiren oýunçylarynyň umumy transfer bahasyna we olaryň professional futboldaky sanyna esaslanýar...

düýn 11:38
2.8k+

Türkmen eminleri Indoneziýada geçirilýän futzal boýunça Aziýa kubogynda işleýär

Indoneziýada futzal boýunça 18-nji Aziýa kubogynyň final tapgyry geçirilýär, ol 7-nji fewrala çenli dowam eder. Ýaryşyň eminler düzüminde Türkmenistanyň iki wekili bar. FIFA-nyň emini Timur Ramazanow eýýäm «C» toparçasynda toparlaýyn tapgyryň Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyna eminlik etdi...

düýn 10:36
3k+

UEFA Ýewropa ligasynyň play-off tapgyrynyň bijeleri çekildi

UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna gatnaşmak hukugy ugrunda geçiriljek utulan-çykdy (play-off) oýunlarynyň bije çekişligi geçirildi. Ýaryşyň umumy tapgyrynyň netijeleri boýunça iň gowy netije görkezen sekiz klub göni 1/8 finala çykdy, galan 16 topar bolsa goşmaça tapgyrda galan ýollanmalar ugrunda bäsleşer...

düýn 09:29
2.3k+

Alkaras we Jokowiç halys eden çekeleşikli oýunlardan soň Australian Open-iň finalynda duşuşar

Professional tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginiň lideri Karlos Alkaras Australian Open ýaryşynyň finalyna çykdy. Ispaniýaly tennisçi ýarym finalda Germaniýadan dünýäniň üçünji raketkasy Aleksandr Zwerewi utdy...