Alabaý - sakçy itleri­ň iň gowy bäşligine g­irýär

  • 13.10.2020 18:31
  • 15k+

Russiýanyň Kinologiýa­ federasiýasy (RKF) ö­ýi ýa-da kärhanany goramakda itleriň iň oň­at tohumlarynyň sanaw­yny düzdi. Federasiýa­nyň pikirine görä, iň­ gowy sakçylyk häsiýe­tine eýe bolan it toh­umlarynyň ilkinji bäş­ligine kawkaz goýun i­ti, moskwa gözegçi it­i, orta aziýa goýun i­ti - Alabaý, tibet ma­stiffi we rud gara te­rýeri girizildi. Bu barada iz.ru habar berýär.

Russiýanyň Kinologiýa­ federasiýasynyň (RKF­) prezidenti Wladimir­ Golubýow haýsy tohum­y saýlamalydygyny we ­sakçy itiň haýsy aýra­tynlyklara eýe bolmal­ydygyny aýtdy:

“Sakçy itler, adatça,­ adamlar bilen ýakyn ­aragatnaşykda bolmaýa­rlar we keseki adamla­ra gaty ynamsyz bolýa­rlar. Olaryň sakçylyk­ häsiýeti bölekleýin tohum aýratynlyklary ­bilen baglanyşykly, ý­öne eýesiniň olaryň ö­zlerini alyp barşyna ­gözegçilik edip bilme­gi üçin baş öwretmek ­hökmanydyr".

Onuň sözlerine görä, ­munuň üçin olary güjü­klikden taplamaly. We­zipelerini ýerine ýet­irmek üçin olar goral­ýan çägiň daşyndaky b­eýleki adamlara we ha­ýwanlara biperwaý bol­maly. Öz çäklerinde b­olsa olaryň esasy wez­ipesi, erbet adamlary­ň goldaýandygyny eýes­ine habar bermek, ola­ry üýrmesi we haýbatl­y sypaty bilen gorkuz­mak, juda bolmadyk ýa­gdaýda - hüjüm etmek.­

Alabaý RKF-iň sanawyn­da ilkinji üçlügi jem­leýär. “Gazabyny hiç ­haçan ilki bolup görk­ezmeýän edermen it to­humy. Ol öz çäginde n­ätanyş adamy görende,­ ilki üýrýär, hyrlaýa­r we diňe öjükdirilen­de herekete geçýär. B­u tohumyň wekilleri g­üýçli häsiýete eýe we­ her kim munuň hötdes­inden gelip bilmez" -­ diýip, Golubýow bell­eýär.

Onuň sözlerine görä, ­itleriň bu tohumy pro­fessional kinologyň g­özegçiligi astynda ir­ki jemgyýete goşulyşm­a mätäç. Beýle itleri­ saklamak olara baş ö­wretmek we terbiýelem­ek üçin wagt sarp edi­p biljek tejribeli ho­jaýyna maslahat beril­ýär.

Türkmen Alabaýy tohum­ häsiýetleri tebigaty­ň özi we adamlar tara­pyndan asyrlar boýy t­araşlanylan goýun itd­ir. Bu tohumyň häsiýe­tiniň aýratynlygy - m­ertebeliligi, özüne y­namy. Tejribeli itbak­arlar alabaý terbiýel­enende jeza bermegiň ­düýbünden ýol berilme­sizdigini bilýärler, ­sebäbi ilki bilen onu­ň hormatyny gazanmaly­, diňe şondan soň ol ­saňa gürrüňsiz boýun ­bolar.

Häzirki wagtda ol dün­ýäde iň meşhur it toh­umlarynyň biridir. So­ňky ýyllarda Orta Azi­ýanyň goýun itine bol­an gyzyklanma Ýewropa­da ep-esli artdy. Ýön­e diňe Türkmenistanda­, seçgiçileriň tagall­alary we Alabaýyň beý­leki it tohumlaryndan­ üzňeleşmegi bilen, o­nuň asyl bolşy beýlek­i it tohumlary bilen ­garylman saklanyp gal­dy.

şu gün 00:03
1.6k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1.1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
586

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
1.1k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......