Motta “PSŽ-niň” tälimçi wezipesinde Tuheliň ýerine geçip biler

  • 12.10.2020 08:09
  • 6.1k+

“PSŽ-niň” öňki futbolçysy Týago Motta pariž klubyna ýolbaşçylyk etmäge ýakyn. “RMC Sport” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, 38 ýaşly braziliýaly hünärmen “PSŽ-niň” häzirki tälimçisi Tomas Tuheliň ornuny eýelemäge esasy dalaşgär bolup durýar. Muny prostoprosport.ru habar berýär.

Geçen möwsümde PSŽ Çempionlar ligasynyň finalyna çykmagy başardy we Fransiýanyň çempionatynda ýeňiji boldy. Muňa garamazdan Tuheliň tälim berýän topary bu möwsüme gowşak başlady. Geçen alty tapgyrdan soňra parižliler 12 utuk gazanyp, Liga 1-iň turnir tablisasynda dördünji orunda barýarlar.
Baş tälimçiniň ornuna dalaşgär hasaplanýan Týago Motta “PSŽ”-niň düzüminde 2012-2018-nji ýyllar aralygynda çykyş edipdi.
Oýunçy karýerasyny 2018-nji ýylyň maý aýynda tamamlan Týago Motta soňra tälimçi hökmünde “PSŽ” ýaşlar topary bilen işleşdi. Ol 2019-njy ýylda iki aýlap “Jenoa” italýan futbol toparynyň tälimçisi wezipesini hem alyp bardy.
Tuhel “PSŽ” futbol klubyna 2018-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär. Onuň tälim berýän döwründe klub iki gezek Fransiýanyň çempiony boldy we Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. Tomas Tuheliň “PSŽ” bilen şertnamasy 2021-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär.

şu gün 08:32
704

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......