Arsen Wenger: “Futbol düzgünleriniň birnäçesi üýtgedilip bilner...”

  • 11.10.2020 07:35
  • 9.7k+

London “Arsenalynyň” öňki baş tälimçisi, häzir FIFA-nyň Futbolyň global ösüşi boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Arsen Wenger hereket edýän düzgünleriň birnäçesiniň üýtgedilmegini teklip etdi. Bu barada sport24.ru habar berýär.

- Oýnuň gyzyklylygyny we netijeliligini artdyrmak üçin birnäçe üýtgeşmeler girizmegi göz öňünde tutýarys. Eger-de top burçdan urlanda, meýdançanyň çäginden çykyp, ýene-de oýun meýdanyna giren ýagdaýynda, oýny dowam etmäge rugsat berip bolar. Ol gol geçirmek üçin täze mümkinçilikleri döreder. Jerime urgusyny ýekelikde ýerine ýetirmek mümkinçiligini hem göz öňünde tutýarys.
Men topy gapdaldan girizmegiň hem düzgünlerini üýtgetmegiň tarapdary. Oýnuň gutarmagyna 5 minut galanda, topy autdan girizmek hüjüm edýän topar üçin artykmaçlyk bermeli. Emma muňa garamazdan ol 10 sany goragçy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Topy oýna girizýän topar bolsa meýdançanyň içinde 9 oýunçy bolup galýar, sebäbi aut zyňýan oýunçy heniz meýdançanyň çäginde däl. Statistiki maglumatlar şeýle 10 ýagdaýyň 8-sinde topy zyňan toparyň ony ýitirýändigini görkezdi. Topara öz ýarym meýdançasynda topy autdan aýak bilen girizmäge hem mümkinçilik bermeli - diýip, Wenger aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Arsen Wengeriň tälimçi hökmünde soňky iş ýeri “Arsenal” futbol toparydy. Ol 1996-2018-nji ýyllar aralygynda bu toparyň baş tälimçisi boldy. Ol mundan öňem futbol oýnunyň düzgünlerine birnäçe üýtgeşmeler girizmek teklibi bilen çykyş edipdi.
2019-njy ýylyň noýabr aýynda 70 ýaşly tejribeli hünärmene FIFA-nyň Futboluň global ösüş boýunça bölümine ýolbaşçylyk etmek wezipesi ynanyldy.

şu gün 08:32
791

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.9k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......