Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasy bilen duşuşyk geçirildi

  • 10.10.2020 13:39
  • 3.9k+

Anna güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasy bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem wideo aragatnaşyk arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Robin Mitçell gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Olimpiýa raýdaşlygy maksatnamasynyň çäklerinde hem-de bölünip berlen serişdeleriň we Türkmenistanda Olimpiýa hereketiniň ösdürilemegi boýunça Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň we Halkara Olimpiýa komitetiniň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasy tarapyndan berlen ýörite serişdeleriň Tokio-2020 tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenleriniň taýynlanmagy üçin rahat şertleriň döredilmegine sarp ediljekdigi barada belläp geçdi.
Robin Mitçell Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtady. Bu ugurdaky alnyp barylýan işler ýurdumyzyň abraýynyň artmagyna we halkara sport hyzmatdaşlygyna goşant goşmaga ýardam eder.
Türkmen tarapy sport ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasyna we Halkara Olimpiýa komitetine minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

şu gün 17:48
487

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

şu gün 13:53
855

Saul Alwares WBC-niň çempiony tituly ugrunda Kristian Mbilli bilen urşar

Ikinji orta agram derejesinde boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony meksikaly Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde WBC-niň dünýä çempiony tituly ugrunda asly kamerunly fransuz boksçysy Kristian......

şu gün 00:06
4.5k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

düýn 23:54
7.9k+

17 sekuntda derbi-dagyn we nokautlar: Rouzi, Ngannu we Perri MVP ýaryşynda garşydaşlaryny ýeňdiler

17-nji maýda garyşyk söweş sungaty boýunça MVP (Most Valuable Promotions) ligasynyň ilkinji ýaryşy geçirildi....