Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny BMG-niň Azyk maksatnamasy aldy

  • 09.10.2020 19:58
  • 7.2k+

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasyna berildi. Bu barada Nobel komiteti habar berdi. Muny iz.ru ýetirýär.

Gurama bu baýragy “açlyga garşy göreşmek boýunça alyp barýan tagallalary, dawa zonalarynda şertleri gowulandyrmaga goşýan goşandy we açlygyň uruşlarda hem-de dawa-jenjellerde ýarag hökmünde ulanylmagynyň öňüni almak boýunça tagallalary üçin” aldy diýlip, habarda aýdylýar.
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy açlyk meselesi bilen meşgullanýan dünýädäki iň uly gumanitar guramadyr. 2019-njy ýylda ol 88 ýurtda, takmynan, 100 mln adama kömek berdi.
Komitetde “BAM-yň COVID-19 pandemiýasy şertlerinde dawalar we pandemiýa sebäpli adamlara açlyk howpunyň abanýan Ýemen, Kongo Demokratik respublikasy, Nigeriýa, Günorta Sudan we Burkina-Faso ýaly ýurtlarynda özüniň tagallalaryny güýçlendirmekde täsirli ukybyny görkezendigi” bellenilýär.
Bu maksatnama açlyga we garyplyga garşy göreşmek üçin BMG-niň düzüminde 1961-nji ýylda döredildi. Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy Osloda Nobel komiteti tarapyndan 1901-nji ýyldan bäri, komitetiň pikiriçe, parahatçylygy berkitmäge uly goşant goşan şahsyýetlere we guramalara berilýär.

20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....