Türkmen, gazak, täjik we özbek Liderleri Gyrgyzystan barada beýanat berdiler

  • 09.10.2020 18:42
  • 18k+

Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Gyrgyzystandaky wakalar barada bilelikde beýanat berdiler. Bu barada sebitiň habar beriş serişdelerine salgylanyp, ORIENT habar berýär.

"Doganlyk Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalar bizde çynlakaý alada döredýär. Köp asyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy medeni hem-de ruhy gymmatlyklary bolan ýakyn goňşular hökmünde biz bu agyr günlerde Gyrgyzystanyň halkyny parahatçylygy saklamagyň we ýurtda durnuklylygy dikeltmegiň hatyrasyna özüne mahsus parasatlylygy görkezmäge çagyrýarys" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Dört ýurduň Prezidentleri Gyrgyzystanyň ähli syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik toparlarynyň Konstitusiýanyň we milli kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi bilen parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek, ýüze çykan meseleleri çözmek üçin zerur tagallalary etjekdigine umyt bildirdiler.
Gyrgyzystanyň abadançylygy sebitiň howpsuzlygy babatda we tutuş Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşinde möhüm faktor bolup durýar diýip, döwlet Baştutanlary bellediler.

"Ýurtlarymyzyň bitewi geçmişi bar we umumy geljegi gurýar" diýlip, ýaýradylan resminamanyň tekstinde aýdylýar.

Şeýle hem beýanatda döwlet Baştutanlary Gyrgyzystanyň halkyna agzybirlik, parahatçylykly we garaşsyz ösüş hem-de gülläp ösüş ugrundaky tagallalaryna elmydama goldaw berjekdiklerini aýtdylar.

düýn 15:57
9k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......

30.03.2026 23:13
12k+

Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?

Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär....

30.03.2026 10:47
9.6k+

Fransiýa güýçli ýel-ýagyn zerarly 5,2 milliard ýewrolyk zyýan çekdi

2025-nji ýylda Fransiýada bolup geçen tebigy harasatlar we betbagtçylyklar jemi 5,2 milliard ýewro möçberinde maddy zyýan ýetirdi. Bu barada France Assureurs ätiýaçlandyryş agentligi habar berýär....

29.03.2026 01:10
15k+

Dagystanda güýçli suw joşguny dowam edýär

Dagystanda dowam edýän çakdanaşa güýçli ýagyşlar uly göwrümli suw joşgunyny emele getirdi. Tebigy hadysa zerarly 14 sany etrapda elektrik üpjünçiligi kesildi. Sebitiň paýtagty Mahaçkala şäherinde 60 müňden......