Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy

  • 09.10.2020 02:57
  • 23k+

Türkmenistanyň Prezidenti Dowwaýewa Akjagül Baýmyradownany işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. Degişli Karara Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda gol çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Maýagözel Annageldiýewna Ýollyýewa Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jemal Sapardurdyýewna Nepesowa Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

şu gün 10:24
582

ABŞ-nyň gündogar kenarýakasynda güýçli gar höküm ýöredýär. Boýy bilen gara çümen Nýu-Ýorkuň suratlary

Soňky on ýylyň içinde bolup geçen iň güýçli gar boragany ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda köpçülikleýin elektrik togunyň kesilmegine we ulag gatnawynyň doly togtamagyna getirdi. Meteorologlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ştatlarda bir gije-gündiziň dowamynda 60 santimetrden köp gar ýagdy...

düýn 23:06
9.9k+

7-nji gatyň penjiresinden gaçan çagany halas eden özbek ýigidi «Edermenlik» medaly bilen sylaglandy

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Sankt-Peterburgda penjireden aşak gaçan çagany halas eden ildeşi Haýrullo Ibadullaýewi «Jasorat» («Edermenlik») medaly bilen sylaglady. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat sekretary Şerzod Asadow habar berdi...

düýn 19:37
10k+

Osaka şäherinde näbelli bir adam suw üpjünçiligini oňartmak üçin 21 kg altyny haýyr-sahawatyna berdi

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde adynyň aýdylmagyny islemedik sahawatly bir adam şäheriň suw üpjünçilik ulgamyny täzeletmek üçin 21 kilogram altyn böleklerini peşgeş berdi. Osakanyň häkimi Hideýuki Ýokoýamanyň gürrüň bermegine görä, altynlar şäheriň suw üpjünçilik müdiriýetine tabşyryldy we olaryň satuwyndan geljek serişdeleri könelen suw turbalaryny bejermek üçin ulanmak meýilleşdirilýär...

düýn 14:47
6.3k+

Bali adasynda howanyň iň howply derejesi yglan edildi

Indoneziýanyň Bali adasynda güýçli ýagyn sebäpli howanyň iň ýokary — «gyzyl» howp derejesi yglan edildi. Ýagyş eýýäm suw joşgunlaryna we süýşgünlere sebäp boldy diýip, Jakarta Globe neşiri Bali prowinsiýasynyň Meteorologiýa, klimatologiýa we geofizika agentligine salgylanyp habar berýär...