Ispaniýa we Portugaliýa 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyny bilelikde geçirmek isleýär

  • 09.10.2020 02:17
  • 7.9k+

Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasy (RFEF) bilen Portugaliýanyň futbol federasiýasy (FPF) 2030-njy ýylda dünýä çempionatyny bilelikde geçirmek üçin teklip hödürlemek barada ylalaşdylar. Bu barada Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, sport24.ru habar berýär.

Federasiýalaryň ýolbaşçylary Luis Rubiales (RFEF) bilen Fernandu Gomeş (FPF) Lissabonda degişli resminama gol çekdiler.

“Bu şertnama diňe bir federasiýalaryň umumy taslamasy üçin däl-de, eýsem ýurtlar üçin hem möhüm ädim. Sport ähli kynçylyklary ýeňip geçmek üçin güýç we erk berýär. Biz Portugaliýanyň futbol federasiýasy bilen berk hyzmatdaşlygy saklaýarys” – diýip, RFEF-iň prezidenti Luis Rubiales aýtdy.

Geçen ýylyň fewralynda Argentinanyň, Çiliniň, Paragwaýyň we Urugwaýyň hem 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek üçin bilelikde teklip hödürlejekdigi habar berildi.
Ýatlap geçsek, 2022-nji ýylda dünýä çempionaty Katarda, 2026-njy ýylda dünýä çempionaty Meksikada, ABŞ-da we Kanadada geçer. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparlaryň sany 32-den 48-e çenli artdyrylar.

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......