Saud Arabystany nebit önümçiligini ýokarlandyrar

  • 08.10.2020 23:42
  • 4.1k+

“Saudi Aramco” kompaniýasy nebite bolan isleg ýene ýokarlanar diýen umyt bilen önümçilik kuwwatyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada chelindustry.ru habar berýär.

Çeşmeleriň berýän habaryna görä, dünýädäki ätiýaçlyklaryň 20%-ine we barreline 4 dollar önümçilik bahasyna eýe bolmak bilen, kompaniýa bäsdeşlerini pese gaçyryp biler we nebitiň arzan bahasy bäsdeşler üçin peýdasyz bolsa-da, pul gazanmagy dowam etdirer.
Saudi Aramco önümçilik kuwwatyny günde 12 million barrelden 13 milliona çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.
Saudi Aramco-nyň çemeleşmesi BP we Shell ýaly günbatar bäsdeşlerinden düýpgöter tapawutlanýar. Olar çig mal çykdajylaryny azaldýarlar we uglerod zyňyndysy pes derejede bolan dünýä taýýarlanmak bilen, ekologiki taýdan arassa energiýa maýa goýumlaryny artdyrýarlar.

“Saud Arabystany çig mal çykdajylary az bolan öndüriji hökmünde, nebite bolan dünýä islegi we baha dikeldilmese-de, ýakyn ýyllarda bazardaky paýyny artdyryp biler. Çökgünlik tebigy ýagdaýda beýleki ýurtlarda önümçiligiň azalmagyna getirer” – diýip, Fitch Ratings korporasiýasynyň Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça müdiri Krişýanis Krustins aýtdy.

Eger-de nebite bolan isleg dikeldilmese, bu täze baha urşuna getirip biler, şonuň üçin Er-Riýad söweşe taýýar bolmak isleýär diýip, hünärmenler belleýärler.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......