«Türkmenhowaýollary» Moskwadan Türkmenabada nobatdaky ýörite uçuşyny amala aşyrdy

  • 08.10.2020 15:27
  • 16k+

Düýn «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýörite uçary Moskwanyň «Domodedowo» howa menzilinden Türkmenistana ýörite uçuşyny amala aşyrdy. Bu uçuş arkaly koronawirus pandemiýasy netijesinde howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy zerarly Russiýada galan türkmen raýatlarymyz Watanymyza getirildi.

BSGG-niň maslahatlaryna laýyklykda, çarter uçuşy arkaly Türkmenabadyň halkara howa menziline gelen raýatlar hökmany iki hepdelik karantin geçerler.
Türkmenistan daşary ýurtda galan raýatlaryny dolap getirmek işini dowam edýär. Mundan öň, Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we Hindistandan çarter uçuşlary amala aşyryldy. Ýerüsti ýollar arkaly Özbegistandan Watanymyza 120 sany raýat geldi.
Ýakynda wagtda Ukrainadan, Azerbaýjandan, Gazagystandan we Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan watandaşlarymyzy getirmek boýunça işler amala aşyrylar.

26.04.2026 15:51
8k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.6k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.9k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....