“Barselona” geçen möwsümi 97 mln ýewro ýitgi bilen tamamlady

  • 07.10.2020 01:25
  • 5.5k+

“Barselona” 2019/20-maliýe ýylynyň jemi boýunça 97 million ýewro arassa ýitgi çekdi. Bu barada toparyň saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Habarda koronawirus pandemiýasynyň maliýe görkezijilerine güýçli täsir edendigi, pandemiýa sebäpli ýaryşlaryň ýatyrylandygy ýa-da yza süýşürilendigi bellenilýär. Ýeri gelende aýtsak, Ispaniýada janköýerlere stadionlara barmak heniz hem gadagan edilýär.
“Barselonanyň” bellenilen döwür boýunça umumy girdejisi 855 million ýewro, çykdajysy 955 million ýewro barabar boldy. Klub başda meýilleşdirilen çykdajylary 7% azaltdy. 2018/19-möwsümi bilen deňeşdirilende, girdeji 135 mln ýewro, çykdajylar 18 mln ýewro azaldy. 2018/19-möwsüminde “gök-gyzyllar” 5 million ýewro möçberinde arassa girdeji gazandylar.
“Barselonanyň” 2020/21-möwsümi üçin heniz tassyklanylmaly býujeti, takmynan, 791 million ýewro barabar bolar.

düýn 16:14
2.7k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 14:43
6k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....

27.04.2026 18:17
7.8k+

«Interiň» eminli galmagaly üçin Seriýa A-dan çykarylmagy we titullarynyň elinden alynmagy mümkin

Milanyň «Inter» futbol klubuna Seriýa B-ä düşürilmek we gazanan kuboklaryndan mahrum edilmek ýaly berk düzgün-tertip çäreleri garaşýar diýip AGI habar berýär....

27.04.2026 16:45
6.6k+

Salah indi «Liwerpulyň» düzüminde meýdança çykyp bilmez: futbolçy dyzyndan şikes aldy

«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez....