Türkmenistanda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi dörediler

  • 06.10.2020 23:21
  • 5k+

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagynda býujetden maliýeleşdirilýän hem-de tölegli hyzmatlary ýerine ýetirýän 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi dörediler.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama ilatymyza halkara ölçeglere laýyklykda innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap ýöriteleşdirilen ýanyk şikeslerini bejeriş kömegini bermegi guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini netijeli dolandyrmak maksady bilen kabul edildi.

düýn 23:56
856

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
9.5k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

23.05.2026 15:57
7.5k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....