Kenzo brendiniň esaslandyryjysy COVID-19-dan ýogaldy

  • 05.10.2020 19:17
  • 14k+

Ýapon dizaýneri we modelýer Kendzo Takada 81 ýaşynda koronawirusdan ýogaldy. Kenzo moda öýüni esaslandyryjy 4-nji oktýabrda Fransiýada Neýi-sýur-Seniň hassahanalarynyň birinde ýogaldy. Bu barada RBK habar berýär.

Takada 1939-njy ýylyň 27-nji fewralynda Hýogo ýapon prefekturasynda dünýä indi. Ol Tokiodaky Bunka Gakuen modelýerler üçin mekdepde bilim alýar, 1965-nji ýyldan Fransiýada ýaşady.
Ol Kenzo brendini 1970-nji ýylda esaslandyrdy. Dizaýner özüniň ilkinji dükanyny Parižde “Jungle Jap” ady bilen açdy, şol ýerde hem ilkinji moda sergisi geçirildi. Ondan soňky ýyl Takada Nýu-Ýorkda we Tokioda özüniň kolleksiýasyny hödürledi, 1983-nji ýyldan ol erkekleriň modasy bilen meşgullanyp başlady. 1988-nji ýylda Kenzo çagalar egin-eşikleriniň we öý üçin harytlaryň birinji hataryny satuwa çykardy we bir ýyldan soň meşhur atyrlar toplumyny öndürip başlady.
1993-nji ýylda Kendzo özüniň brendini LVMH konsernine satdy, alty ýyl geçenden soň, moda öýünden gitdi we awtorlyk taslamalary bilen meşgullandy. 2004-nji ýylda Takada gap-gaçlary, aksessuarlary we interýer predmetlerini döretmek bilen meşgullanyp, Gokan Kobo brendini işe girizdi.
2016-njy ýylda belli dizaýner Fransiýanyň Hormatly legiony ordeni bilen sylaglandy.

düýn 07:41
8.6k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

düýn 07:40
6.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.5k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......