Türkmenistanyň gümrük edaralary ýükleri deslapdan deklarirlemek ulgamynyň mümkinçiliklerini öwrenýär

  • 05.10.2020 18:34
  • 12k+

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýükleri deslapky ýagdaýda deklarirlemek ulgamynyň (TIR-EPD) mümkinçiliklerini, ulgamy ýurdumyzyň gümrük edaralaryna ornaşdyrmagyň oňyn taraplaryny öwrenýär.

Gullugyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, ýakynda gullugyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) bilen hyzmatdaşlykda şu tema bagyşlanan göni wideo aragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi.
Maslahata gatnaşan wekillerimiz TIR-EPD ulgamy arkaly gümrük işini sanlylaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada doly we giňişleýin maglumatlary aldylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy hakynda Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy öz işini kämilleşdirmek maksady bilen, sanly ulgama geçmek ugrunda yzygiderli işleri geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, «Bir penjire» ulgamyna geçmek boýunça meselelere uly üns berilýär. Bu taslamanyň üstünde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) hem-de Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (UNCTAD) bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

düýn 18:54
5.2k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.6k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....

20.04.2026 20:13
6.8k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......