Beýik Britaniýada Ýewro-2020 futbol oýunlary ýatyrylyp bilner

  • 05.10.2020 12:30
  • 5.3k+

2021-nji ýylda Londonda meýilleşdirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň oýunlary koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyrylyp bilner. Bu barada Beýik Britaniýanyň medeniýet, KHBS we sport ministri Oliwer Dauden habar berdi. Muny rossaprimavera.ru ýetirýär.

“Men turnir geçer diýip umyt edýärin. Ýöne häzirki wirusy we ony öňünden aýdyp bolmaýandygyny göz öňünde tutsaň, men kepil berip bilmeýärin” – diýip, Dauden aýdýar.

Onuň pikiriçe, 2021-nji ýylyň gyşynda koronawirusyň täzeden ýaýramak ähtimallygy bar, şonuň üçin Ýewropa çempionatynyň oýunlaryny geçirmek barada karara gelnende, ilatyň saglygyndan ugur alnar.

“Janköýerler howpsuz bolmasa, turniriň geçirilmegini islemezler. Eger-de bu howpsuz bolsa, onda, elbetde, biz munuň üstünde işläris” – diýip, Dauden belledi.

Ýatlap geçsek, “Uembli” stadionynda ýedi oýun meýilleşdirilen: Angliýanyň ýygyndysynyň gatnaşmagynda üç toparlaýyn oýun, şeýle-de 1/8 finalyň bir duşuşygy, iki ýarym final we Ýewro final. Ýewro-futbol ýaryşy 2020-nji ýylyň iýunynda Ýewropa ýurtlarynyň 12-siniň 12 dürli şäherinde geçirilmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli Çempionat 2021-nji ýyla süýşürildi.

şu gün 08:32
791

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......