Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýär

  • 04.10.2020 22:29
  • 4.6k+

Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatynyň çäklerinde habar berdi.

ÝB bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, özara gatnaşyklaryň energetika, durnukly ulag, söwda we ykdysadyýet ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça teklipler taýýarlanyldy.
Şunuň bilen birlikde, Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga, bilim ulgamynda täze taslamalary işläp taýýarlamaga, saglygy goraýyş ulgamy boýunça gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda ÝB-niň we BSGG-niň aýratyn howply ýokanç kesellere garşy göreşmek baradaky sebit maksatnamasynyň esasynda Türkmenistan boýunça çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy we ol durmuşa geçirmek üçin teklip edilýär.
Ýokarda agzalan ugurlaryň ählisi boýunça degişli ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak teklip edilýär.
Häzir şu ýylyň oktýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde howpsuzlyk meseleleri boýunça nobatdaky gepleşikleri, noýabr aýynda bolsa Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi parlamentara duşuşygyny geçirmegiň mümkinçiliklerine garalýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mundan beýläk-de Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady.
Türkmen Lideri bular barada aýtmak bilen, Ýewropa Bileleşiginiň söwda we maýa goýum ulgamynda ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine ähli degişli meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek esasynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk boýunça teklipleriň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy.

düýn 16:15
2.7k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
866

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......