Waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasy tassyklanyldy

  • 03.10.2020 15:30
  • 14k+

Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.
Waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almaklyk 2015-nji ýylyň 28-nji awgustynda gol çekilen “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň” çäklerinde amala aşyrylar.

18.05.2026 14:46
4.4k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....