Habib Getjini ýeňmek üçin ulanjak tärini aýtdy

  • 02.10.2020 23:25
  • 21k+

Ýeňil agramda UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow onlaýn metbugat maslahatynyň dowamynda nähili ýol bilen Jastin Getjini ýeňjekdigini aýtdy. Bu barada sportexpress.ru habar berýär.

— Men söweşi nähili tamamlamak isleýärin? Meniň çep elim bilen ýerine ýetirýän gowy gilotinim (agyryly demikdiriji usul) bar – diýip, Nurmagomedow aýtdy. – Mundan başga-da, gowy kimuram bar. Mende emel kän. Men heniz UFC-de özümi doly açyp görkezmedim, men nämä ukyplydygymy bilýärin. Gilotini üçünji raundda ulanmagy göz öňünde tutýaryn. Men ony gowy uraryn, ýadamaga mejbur ederin, biraz graund-end-paund stilini ulanaryn, ol ýapyşanda welin, ony tora gysaryn we bogaryn. Men ony ýadamaga mejbur ederin. Söweşi üçünji ýa-da dördünji raundda tamamlamagy meýilleşdirýärin.

24-nji oktýabrda Habib (28-0) Abu-Dabide UFC 254 turnirinde amerikaly Jastin Getji bilen söweşer.

şu gün 08:32
724

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......