UEFA stadionlaryň münberlerini 30% doldurmaga rugsat berdi

  • 02.10.2020 18:30
  • 4.7k+

Ýewropanyň futbol assosiasiýalary bileleşiginiň (UEFA) ýerine ýetiriji komiteti tomaşaçylary milli ýygyndylaryň we ýewrokubok oýunlarynda münberlere goýbermäge rugsat berdi. Eger-de oýnuň geçýän ýurdunyň kanunçylygy rugsat berse, stadionlar umumy sygymdan 30% doldurylyp bilner diýlip, UEFA-nyň habaryna salgylanyp, rsport.ria.ru ýetirýär.

Habarda bellenilişi ýaly, tomaşaçylar indiki hepdeden milli ýygyndy toparlaryň oýunlaryna gatnaşyp bilerler.

“Tomaşaçylaryň sany stadionyň umumy sygymynyň 30%-i bilen çäklendiriler, myhman toparyň janköýerleri bolsa goşmaça habar berilýänçä oýunlara goýberilmez” – diýlip, habarda aýdylýar.
“Hem tomaşaçylaryň kabul edilmegi, hem-de umumy san boýunça çäklendirme ýerli häkimiýetleriň kararyna baglydyr. UEFA-nyň oýunlary ýerli häkimiýetler rugsat bermese, tomaşaçylar bilen geçirilip bilinmez we 30% çäklendirmä diňe ýerli häkimiýetler tarapyndan goýlan çäk pes bolmasa, ýetilip bilner” – diýlip, habarda aýdylanlaryň üsti ýetirilýär.

Sosial araçäk tomaşaçylar üçin hökmany bolar we örtügi dakynmak ýaly goşmaça howpsuzlyk çärelerini ýerli kanunlara laýyklykda ulanmaly bolar.
Bu çäreler UEFA-nyň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklanan we oýnuň guramaçylarynyň hökmany ýerine ýetirmeli bolan “Tomaşaçylaryň gaýdyp gelmegi üçin UEFA-nyň saglyga we arassaçylyga minimal talaplarynyň” bir bölegidir.

“Şu günki karar janköýerleriň saglygyny birinji ýerde goýýan we her bir ýurduň kanunyna ters gelmeýän ilkinji maksadalaýyk ädimdir. COVID-19 biziň umumy duşmanymyz bolsa-da, dürli ýurtlaryň dürli çemeleşmeleri we dürli meseleleri bar” – diýip, UEFA-nyň ýolbaşçysy Aleksander Çeferin belledi.

şu gün 08:32
679

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......