Makgregor bilen Porýe haýyr-sahawat söweşini geçirer

  • 29.09.2020 22:59
  • 16k+

Iki agram kategoriýasynda UFC-niň ozalky çempiony irlandiýaly Konor Makgregor bilen MMA-nyň amerikaly söweşijisi Dastin Porýe söweşmek barada ylalaşdylar. Söweşijiler UFC-niň bu söweşi guramaga gatnaşmajakdygy we girdejiniň bir böleginiň haýyr-sahawata sarp ediljekdigi hakynda gürleşdiler. Bu barada championat.com habar berýär.

Mundan ozal Makgregor Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) ýolbaşçysy Deýna Uaýt bilen ýazyşan hatynyň bir bölegini köpçülige elýeterli etdi, bu olaryň arasynda dawanyň döremegine sebäp boldy. Amerikaly Toni Fergýuson bilen söweşmek barada ylalaşyp bilmedik Porýe hem irlandiýalynyň ýazgysyna jogap berdi.

“MMA-nyň düzgünleri boýunça söweşmek isleýärmiň? – diýip, Makgregor ýazýar. UFC bilen baglanyşyk ýok. Men seniň haýyr-sahawat guramaňa ýarym million bagyş ederin. Ony PPV-de (Tölegli translýasiýa ulgamy) satarys ýa-da telewideniýe bilen şertnama baglaşarys, şeýle-de meniň ýüregime ýakyn bolan haýyr-sahawat gaznasyny hem ýatdan çykarmarys”.
“12-nji dekabr, Irlandiýa. Agram ölçegi we agram kategoriýasy bolmaz. Standart düzgünler” – diýip, Makgregor özüniň “twitterinde” ýazdy.
“Gürleşdik! Men razy! Bu köpler üçin bähbitli bolar” – diýip, Porýe jogap berdi.
“Örän gowy! Gel, oflaýnda dowam etdireli. Dastin, sen gowy adam! Men seniň haýyr-sahawat başlangyjyňa we biziň birinji söweşimizden soň özüňi alyp barşyňa hormat goýýaryn” – diýip, Konor sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýatlap geçsek, 2014-nji ýylda Makgregor Porýeni tehniki nokaut bilen ýeňdi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......