Blahowiç Reýesi nokauta gidirip, UFC-niň çempiony boldy

  • 29.09.2020 19:12
  • 13k+

Polşaly göreşiji Ýan Blahowiç amerikaly Dominik Reýesden üstün çykyp, Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) ýarym agyr agram derejede çempionlyk guşagyny eýeledi. Bu barada Ria NOWOSTI habar berýär.

Bu tutluşyk BAE-de «Göreş adasynda» geçirilen UFC 253 ýaryşynyň iň esasy wakasy boldy.
Emin eýýäm ikinji raundda 37 ýaşly Blahowiçiň tehniki nokaut bilen ýeňşini hasaba alyp, duşuşygy saklamaga mejbur boldy. Şeýlelikde, polşaly türgen öňräk amerikaly Jon Jonsuň el çeken titulyny eýeledi.
MMA-da Blahowiçiň hasabynda 27 ýeňiş we 8 ýeňliş bar.
30 ýaşly Reýes bolsa, 12 gezek ýeňiş gazandy. Ol bassyr ikinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......