Habib dünýäde iň "geçginli" sportçylaryň onlugyna girdi

  • 29.09.2020 08:26
  • 18k+

Garyşyk stiliň russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow bazar nukdaýnazaryndan iň özüne çekiji türgenleriň sanawynda 7-nji ýeri eýeledi. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.

“SportsPro” gullugy her ýyl öz usulyýeti esasynda iň "geçginli" 50 sportçynyň sanawyny düzýär. Her türgeniň üstünligine onuň häzirki gazananlary, muşdaklarynyň köplügi, köpçüligiň pikiri we girdejisi täsir edýär. Bu faktorlaryň jemi umumy baly emele getirýär.
Sanawda birinji ýeri 115 utuk bilen Argentinanyň we "Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messi eýeledi. Ikinji orunda Kriş
tianu Ronaldu (113), üçünjide Lebron Jeýms (110) bar. Bulardan soň hindi kriketeri Wirat Koli (109), kanadaly tennisçi Bianka Andreesku (107) we braziliýaly futbolçy Neýmar (107) gelýär.
32 ýaşly Nurmagomedow 106 bal toplady. Ol ilkinji onluga girip, ýene bir hindi kriketeri Rohit Şarmadan we futbolçylar Muhammet Salah bilen Paulo Dibaladan öňe geçdi.
Ýeri gelende ýatlasak, “SportsPro” bu reýtingi 2011-nji ýyldan bäri ýöredip gelýär.

şu gün 08:32
724

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......