Tehasyň suw geçirijisinde beýnini iýýän amýoba tapyldy

  • 28.09.2020 20:45
  • 13k+

Tehasda Leýk-Jekson şäheriniň ýaşaýjylaryna kran suwunda adamyň nerw ulgamyna täsir edýän parazit tapylandan soň, ony içmezligi duýdurdylar. Bu barada şäher häkimiýetiniň saýtyndaky metbugat-relizinde habar berilýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Fouler negleriýasynyň parazit organizmi adamlar üçin ölüm howpuny salyp biljek başlangyç amýoba meningoensefalitiň döremegine sebäp bolýar.

“Leýk-Jeksona suw üpjünçilik ulgamynda Fouler negleriýasynyň, beýnini iýýän amýobanyň barlygy habar berildi” – diýlip, habarnamada aýdylýar.

Häkimiýetler Brazoria okrugynyň saglygy goraýyş departamentinden Fouler negleriýasy sebäpli alty ýaşly oglanjygyň hassahana düşendigi barada maglumat aldylar. Alnan nusgalaryň netijeleri boýunça, hünärmenler parazitiň suw üpjünçiligi ulgamynda bardygyny anykladylar.
Ilki bilen şäher ilatyna kran suwuny içmezlik, ony öý haýwanlaryna bermezlik we ony ýuwmak üçin ulanmazlyk tabşyryldy, ýöne soň ony gaýnatmagyň zerurdygyny belläp, ulanmaga rugsat berdiler. Şunuň bilen birlikde, ilata suwuň burna girmeli däldigini duýdurdylar.

“Fouler negleriýasynyň amýobasy adamyň içýän suwunda bolsa, ýokanjy ýüze çykarmaýar, sebäbi amýoba aşgazan şiresi bilen ýok edilýär. Ýöne amýoba burun arkaly adamyň organizmine düşse, ýokanjy ýüze çykaryp bilýär” – diýip, lukmanlar düşündirdiler.

ABŞ-da 2009-njy ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda lukmanlar başlangyç amýoba meningoensefaliti bilen kesellemegiň 34 ýagdaýyny hasaba aldylar. Köp ýagdaýlarda adamlar onuň bilen suwda ýüzenlerinde kesellediler, ýöne üç syrkaw keselli suw bilen burny ýuwup, Fouler negleriýasy bilen keselläpdiler.

düýn 15:16
5.1k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.5k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......