Polşanyň arhiwleri Jeýms Bonduň barlygyny tassyklady

  • 28.09.2020 20:31
  • 15k+

Polşada ýerleşýän Milli ýat institutynyň sahypasynda barlagçylaryň arhiwlerde Jeýms Bond atly britaniýaly hakynda maglumat tapandyklary baradaky habar peýda boldy. Bu barada discover24.ru habar berýär.

Neşir edilen maglumatlara laýyklykda, Jeýms Albert Bond 1964-nji ýylyň 18-nji fewralynda Polşa barýar. Ol britan ilçihanasynda harby attaşe wezipesini eýeleýär. Institutyň ylmy işgärleri Bonduň suratyny hem ýerleşdirdiler. Olar onuň arhiw sekretary bolup işländigini belleýärler.
Resminamalarda britaniýalynyň özüni seresaply alyp barandygy we aýallar bilen gyzyklanandygy, ýöne polýaklar bilen gatnaşyk etmezlige çalşandygy görkezilýär. 1964-nji ýylyň güýzünde Bond Olştynda we Belostokda ýerleşen harby desgalara barmaga synanyşýar.
Şol wagta çenli iňlis ýazyjysy Ýan Flemingiň 007 agenti Jeýms Bond baradaky ähli kitaplary diýen ýaly çapdan çykypdy we olaryň birnäçesi ekranlaşdyrylypdy.
Gözegçilik Bonda işini ýerine ýetirmäge päsgel beren bolsa gerek, şonuň üçin ol geleninden bir ýyl geçmän, 1965-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Polşany terk edýär. Polşa syýahatynda ýoldaş bolan Bonduň dul aýaly Janett Takki “The Telegraph” gazetine adamsynyň, hakykatdan hem, içaly bolandygyny aýtdy.
Awgustda 007 agenti baradaky filmleriň muşdaklary aktýor Şon Konnerini taryhda iň gowy Jeýms Bond diýip atlandyrdylar. Bu ses bermäge gatnaşan 14 müňden gowrak adamdan ybarat bolan kinomanlaryň köpüsiniň pikiridi. Konneri kinoda ilkinji 007 agenti boldy. Ol kinosaganyň bäş filminde surata düşdi.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......