COVID-19-yň dünýä boýunça pidalarynyň sany 1 mln adamdan geçdi

  • 28.09.2020 23:00
  • 10k+

Dünýäde COVID-19 pandemiýasy döräli bäri, koronawirus bilen baglanyşykly kesellerden ýogalanlaryň sany duşenbe gününiň ýagdaýy boýunça, 1 mln 002 müň 383 adama ýetdi diýip, Worldometer portaly habar berdi. Muny interfax.ru ýetirýär.

Dünýädäki möhüm hadysalar boýunça statistika bilen meşgullanýan portalyň maglumatlaryna görä, dünýäde kesellänleriň sany 33 mln 303 müň 209 adama barabar boldy, 24,6 mln adam sagaldy.
4 mln we ondan hem köp COVID-19 ýagdaýy resmi hasaba alnan ýurtlaryň hataryna ABŞ, Hindistan we Braziliýa girdi.
ABŞ-da 7 mln 321 müň 343 kesel ýagdaýy ýüze çykaryldy, 209 müň 453 adam ýogaldy, 4,56 mln adam sagaldy.
Kesellänleriň sany boýunça ikinji orunda Hindistan durýar, ol ýerde 6 mln 073 müň 348 keselli hasaba alyndy, 95 müň 547 adam ýogaldy we 5 mln adam sagaldy.
Braziliýada kesellänleriň sany 4 mln 732 müň 309 adama ýetdi, 141 müň 776 adam ýogaldy, 4 mln 060 müň 088 adam sagaldy.
Planetanyň her 1 mln ýaşaýjysyna COVID-19-dan ölüm derejesi 128,6 boldy. ABŞ-da ýurduň ilatynyň 1 millionyna 632 adam, Hindistanda – 69, Braziliýada – 666 adam ýogaldy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ölüm sanynyň 2 milliona çenli ýokarlanyp biljekdigi baradaky pikiri aradan aýyrmaýardy. BSGG koronawirusa garşy köpçülikleýin sanjym başlamazyndan ozal, dünýä şeýle görkezijä ýetip biler diýip hasaplaýar. Häzir köp ýurtlarda ýokanç keselleriň täze ösüşi bellige alynýar. Ysraýyl ilkinji bolup karantini gaýtadan girizdi.

düýn 23:56
1k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
9.5k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

23.05.2026 15:57
7.5k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....