Alymlar COVID-19-yň ölüm howpuny azaldýan witamini anykladylar

  • 27.09.2020 20:16
  • 26k+

ABŞ-nyň Boston uniwersitetiniň Lukmançylyk mekdebiniň barlagçylary birnäçe barlaglaryň netijesinde, ganynda ýeterlik mukdarda D witamini bolan koronawirusly näsaglarda agyr ýagdaýlaryň ganynda D witamini ýetmezçilik edýän näsaglara garanyňda has az bolýandygyny anykladylar. Bu barada PLOS ONE ylmy žurnaly ýazýar diýip, RBC habar berýär.

Alymlar COVID-19 ýokuşan 235 näsagdan hassahana gelen badyna derrew gan nusgalaryny aldylar we D witamininiň derejesini bellediler.
Soňra näsaglara gözegçilik edilip, keseliň dowamyndaky huşuň ýitmegi, demiň gysmagy, gipoksiýa ýaly ähli üýtgeşmeleri hasaba aldylar.
Ganynda ýeterlik mukdarda D witamini bolan näsaglaryň koronawirusdan ölüm howpunyň ep-esli azalýandygyny anyklandy.
Alymlar D witaminiň bedende kesele garşy immuniteti emele getirip, sitokin "tupanynyň" ýeterlik möçberde öňüni alyp biljekdigine ynanýarlar (ýokaşanlarda agyr dem alyş we umumy ulgam bozulmalarynyň döremegine sebäp bolýar).
Adam bedeni, esasanam, güýzde ýokumly maddalara mätäç.
Şeýlelik bilen, rus alymlary koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň köpelmeginiň sebäpleriniň biri hökmünde D witaminiň azalmagyna sebäp bolýan güýz döwrüni öňe sürýärler.
Bu witamin lukmanyň maslahaty bolmazdan öňüni alyş maksady bilen diňe az mukdarda ulanylyp bilner.

20.04.2026 16:07
9.2k+

Barlag: Gazly suw artykmaç agramyň garşysyna göreşmäge we maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrmaga kömek edip bilermi?

Gazly suw köplenç agramy azaltmagyň serişdesi hasaplanýar, sebäbi onuň düzüminde bar bolan uglerod dioksidi (CO2) dokluk duýgusyny döredip bilýär. Şeýle hem, ol iýmiti çalt siňdirýär we gandaky glýukozanyň......

20.04.2026 15:54
6.2k+

Osteoartroz ýekeje sanjym arkaly bejeriler

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary osteoartrozdaky bogunlaryň dargama prosesini yzyna öwürmäge ukyply dermanlary ýetirmegiň täzeçil ulgamyny döretdiler. Haýwanlar arkaly geçirilen tejribeler......

16.04.2026 16:48
5k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
3k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....