2021-nji ýylda Pakýao bilen Makgregoryň arasyndaky söweş geçiriler

  • 26.09.2020 23:50
  • 20k+

Bütindünýä boks assosiasiýasynyň wersiýasy boýunça ýarym ortaça agramda dünýä çempiony (Super) filippinli Menni Pakýao indiki ýyl iki agram kategoriýasynda Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) eks-çempiony irlandiýaly Konor Makgregora garşy söweşer. Bu barada Pakýaonyň kömekçisi Jeýk Joson habar berdi. Ol taraplaryň duşuşyk barada gepleşikleri alyp barýandygyny tassyklady. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.

“Filippinlerden koronawirusyň pidasy bolanlaryň hatyrasyna senator Menni Pakýao geljek ýyl UFC-niň super ýyldyzy Konor Makgregor bilen duşuşar” – diýip, manilastandard.net Josonyň sözlerini getirýär.

Öň, Makgregor özüniň indiki söweşini Pakýao garşy geçirjekdigini aýtdy.
Iýunda Makgregor karýerasyny tamamlaýandygyny üçünji gezek mälim etdi. Geçen gezek ol şeýle bildirişi 2019-njy ýylyň martynda edipdi, ýöne soň dolandy we 2020-nji ýylyň ýanwarynda nokaut bilen amerikaly Donald Serroneden üstün çykdy. 32 ýaşly Makgregor garyşyk başa-baş göreşde jemi 22 gezek ýeňiş gazandy, dört gezek ýeňildi.
41 ýaşly Pakýaonyň hasabynda professional ringde 62 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 2 deňe-deňligi bar.

şu gün 08:32
724

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......