Türkmenistanyň Prezidenti Ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy

  • 25.09.2020 18:16
  • 14k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Halk Maslahatynyň mejlisinde wideoaragatnaşyk arkaly çykyş edip, Ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň anyk ugurlaryny kesgitlemegi tabşyrdy. Bu barada TDH habar berdi.

Häzirki wagtda ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça kabul edilen maksatnamalara aýratyn üns bermelidiris diýip, döwlet Baştutany öz çykyşynda belledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ylym ulgamynda, ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki we ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudaklaýyn ylmy guramalarda düýpli üýtgeşmeleriň netijesinde, ylym we döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlaryň täze nesli kemala geldi. Zehinli ýaşlar nanotehnologiýalar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary boýunça önjeýli işleri alyp barýarlar diýip, TDH habar berýär.

şu gün 19:18
948

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.7k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

22.06.2026 01:15
4.4k+

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......