Messi bilen Ronaldu UEFA-da möwsümiň iň gowy futbolçysy baýragyna dalaşgärleriň üçlüginde ýok

  • 24.09.2020 23:20
  • 15k+

UEFA-nyň wersiýasy boýunça, 2019/20-möwsümiň iň gowy futbolçysy baýragyna Kewin De Breýne (“Mançester Siti”), Manuel Noýer (“Bawariýa”) we Robert Lewandowski (“Bawariýa”) dalaş edýär. Ýeňiji 1-nji oktýabrda yglan ediler.

Gysga sanaw 2019/20-Çempionlar ligasynyň toparçasyna (32) we 2019/20-Ýewropa ligasyna (48) gatnaşyjy klublardan 80 tälimçiniň, şeýle-de UEFA-nyň ähli assosiasiýasyndan 55 žurnalistiň gatnaşmagyndan ybarat bolan eminler tarapyndan düzüldi. Emin agzalary ilkinji üçlügini belli etdiler. Birinji orna bäş bal, ikinji orna üç, üçünji orna bir bal berildi. Tälimçiler öz toparlaryndan futbolistlere ses berip bilmediler.
Onluga şular hem girdi:

  • 4-5. Lionel Messi (“Barselona”) – 53 utuk;
  • 4-5. Neýmar (“Pari Sen-Žermen”) – 53 utuk;
  • 6. Tomas Mýuller (“Bawariýa”) – 41 utuk;
  • 7. Kilian Mbappe (“Pari Sen-Žermen”) – 39 utuk;
  • 8. Týago Alkantara (“Bawariýa”) – 27 utuk;
  • 9. Ýozua Kimmih (“Bawariýa”) – 26 utuk; 10. Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”) – 25 utuk.
düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......