Habibiň menejeri: “Makgregor psihiki taýdan durnuksyz, Çimaýew ony öldürer”

  • 23.09.2020 13:02
  • 27k+

Habib Nurmagomedowyň we çeçen gelip çykyşly şwesiýaly söweşiji Hamzat Çimaýewiň menejeri Ali Abdelaziz Çimaýew bilen irlandiýaly Konor Makgregoryň arasynda söweş geçirmek mümkinçiligine baha berdi. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.

— Men Hamzat üçin psihiki taýdan durnuksyz söweşiji bilen söweşleri islämok. Konor Makgregor psihiki taýdan durnuksyz. Men oňa üstünlik arzuw edýärin — diýip, Abdelaziz aýdýar. — Hamzat ony öldürer. Ol, hakykatdanam, öldürer. Hamzat Konor Makgregory maýyplaryň arabasynda oturdar we ol galan ömrüni sypaljykdan iýmitlenip geçirer.
— Neýt Dias, Horhe Maswidal — şulardan biri, meniň pikirimçe, Hamzata garşy çykyp biler. Bu ýigitler ulurak, olar weteranlar, olar ajaýyp söweşijiler, ýöne olar hem munuň üçin ýeterlik derejede gowudyr diýip pikir edemok.

Tomusda Çimaýew birbada üç söweşijini uruşmaga çagyrdy: Neýt Dias, Horhe Maswidal we Konor Makgregor. Irlandiýaly söweşiji özüniň Twitterinde çagyryşy kabul etmäge taýýardygyny ýazdy.
Ýatlap geçsek, geçen hepdede Çimaýew 17 sekuntyň içinde Las-Wegasda UFC turnirinde amerikaly Jerald Merşerti ýeňdi. 26 ýaşly söweşiji 77,1 kg çenli we 83,9 kg çenli agram kategoriýalarynda çykyş edýär. Çimaýewiň MMA-da dokuz ýeňşi bar, häzirlikçe ol ýeňilmän gelýär.

şu gün 08:32
774

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......