Türkmenistanda gaz bermegiň we ondan peýdalanmagyň kadalary kämilleşdirilýär

  • 19.09.2020 17:05
  • 8.4k+

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ilatyna gaz bermegiň Kadalaryny» hem-de «Türkmenistanda kärhanalaryň we guramalaryň gazy peýdalanmagynyň Kadalaryny» kämilleşdirmek, olary döwrüň talaplaryna kybap getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Hususan-da, olarda iberilýän gazy hasaba almagyň, hasaplaşyklary nagt we nagt däl görnüşde geçirmegiň düzgünleri, taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi kesgitlenildi. Tebigy gazy sarp edijileriň howpsuzlyk kadalaryny berk berjaý etmekleri we howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmeýän gaz geçiriji ulgamlary özbaşdak çekmekleriniň, şeýle hem tehniki talaplara laýyk gelmeýän gaz gurallaryny ulanmaklarynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy.

17.01.2026 08:47
4.7k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...