Türkmenistanyň we Ukrainanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekdiler

  • 19.09.2020 14:12
  • 4.1k+

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kulebanyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2020-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri boýunça işjeň ýagdaýda pikir alşyldy hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriniň derejesine garaldy.
Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerindäki özara hereketleriň ýokary derejesi barada aýdyldy.
Şeýle-de taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanda, hususan-da, gurluşyk we demirýol tehnikasynyň üpjünçiligi babatynda netijeli iş tejribesi barada aýdyldy. Iki ýurduň degişli edaralarynyň arasyndaky ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda Ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-ukrain toparynyň ähmiýetli orny bellenildi.
Ministrler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Dostlukly ýurtda okaýan türkmen talyplaryna berlen goldawlar üçin ukrain tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Bilelikdäki medeni çäreleriň guralmagynyň mümkinçiliklerine hem garaldy.

şu gün 13:41
1.8k+

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-iniň ýolbaşçylary sebitdäki ýagdaýy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär...

şu gün 10:10
1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
1.5k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
6.6k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...