Neýmar «Marseliň» futbolistini urandygy üçin iki oýundan çetleşdirildi

  • 18.09.2020 07:32
  • 8.4k+

Fransiýanyň Professional futbol ligasynyň Düzgün-nyzam komiteti «PSŽ» — «Marsel» duşuşygynda ýüze çykan dawanyň netijeleri boýunça karar kabul etdi. Bu barada russian.rt.com habar berýär.

«PSŽ-niň» hüjümçisi Neýmar iki oýundan we şertli ýagdaýda ýene bir duşuşykdan çetleşdirildi. Dawanyň beýleki gatnaşyjylary hem jezalandyryldy. Şeýle çetleşdirilmä onuň braziliýalynyň topardaşy Leandro Paredes hem sezewar boldy. «PSŽ-den» Laýwen Kurzawa hem alty oýundan çetleşdirildi, «Marselden» Žordan Amawi üç oýundan, onuň topardaşy Dario Benedetto bir duşuşykdan çetleşdirildi.
Duşuşygyň ahyrynda Neýmar ýumrugy bilen Alwaro Gonsalesiň ýeňsesinden urdy, munuň üçin ol gyzyl kartoçka aldy. Şol ýagdaý hem köpçülikleýin dawany döretdi. Oýundan soň Neýmar Gonsalesiň jynsparazlyk esasynda özüni birnäçe gezek kemsidendigini aýtdy. Düzgün-nyzam komiteti munuň bilen bagly aýratyn derňew geçirer. Mundan başga-da, “PSŽ-niň” ýarym goragçysy Anhel Di Mariýanyň Gonsalesiň tarapyna tüýküren ýagdaýy hem derňeler.

şu gün 08:32
724

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......