«Mulan» girdeji ýygymy boýunça Hytaýda garaşylan netijäni bermedi

  • 16.09.2020 18:50
  • 12k+

«Mulan» meşhur multfilmiň kinoadaptasiýasy Hytaýda bary-ýogy 23 million dollar ýygnap, girdeji ýygymynyň pesdigini görkezdi diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Muny rueconomics.ru ýetirýär. Hytaý hökümeti özüniň HBS-ne täze kino hakynda ýazmagy gadagan etdi.

200 million býujetli kartinanyň şeýle pes başlamagynyň sebäbi täze görnüşli koronawirus pandemiýasy boldy diýlip bellenilýär. Epidemiologik ýagdaý bu ýylda adamlaryň maliýe ýagdaýyna güýçli täsir etdi, şeýle-de kinoteatrlaryň hemmesi heniz açylmady. Habar beriş serişdeleri hytaý häkimiýetleriniň “Mulany” metbugatda beýan etmegi hem gadagan edendigini ýazýarlar. Käbir maglumatlara görä, bu filmiň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde surata düşürilmegi sebäpli bolup geçipdir. Ol ýerde, hukuk goraýjylaryň maglumatlary boýunça, ýerli ilat häkimiýet tarapyndan yzarlanýar.
Şeýle-de bolsa, filmi döredijiler titrlerde hökümet edaralaryna we Hytaýyň Kommunistik partiýasyna filmi surata düşürmäge goşant goşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdiler. Günbatar HBS-niň köpüsi bu hereket üçin Disney-i ýazgardylar.
Girdeji ýygymy boýunça ikinji orunda 21,7 million dollar gazanan “Sekiz ýüz” ýerli taryhy eposy ýerleşdi. Üçünji orny 10,2 million dollar girdeji bilen Kristofer Nolanyň “Delil” filmi eýeledi.

düýn 11:08
949

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.9k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.8k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.1k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......