Türkmenistan, Azerbaýjan we Owganystan TIR seýilgählerini döretmek meselesini maslahatlaşýarlar

  • 17.09.2020 10:38
  • 14k+

14-nji sentýabrda wideo-maslahat görnüşinde Azerbaýjanyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň alty iş toparynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetine salgylanmak bilen Trend habar berýär.

Duşuşygyň barşynda üç ýurduň çäginden geçýän üstaşyr geçelgeleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Mejlise Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Muhammet Muhammedow, Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygynyň orunbasary Ismail Güseýinow, Owganystan Yslam Respublikasynyň gümrük we girdeji ministriniň orunbasary Isa Gudrat, şeýle-de üç ýurduň gümrükhana düzüminiň wekilleri gatnaşdy.

Çärede ýol kartasy bilen baglanyşykly gümrük infrastrukturasyny kämilleşdirmek, şeýle-de gümrük işlerini çaltlaşdyrmak, gümrük gullugyny iň täze tehnologiýalar bilen üpjün etmek, gümrük hyzmatlarynyň arasynda üç taraplaýyn maglumatlaryň alyş-çalşygy, gury ýer portlaryny taslamak we döwrebaplaşdyrmak, şeýle-de TIR seýilgählerini döretmek mümkinçilikleri gözden geçirildi. 

Türkmen tarapy özara düşünişmek Ähtnamasyny ýa-da ylalaşyk üçin hereket meýilnamasyny taýýarlamak boýunça, degişli meseleleri ýerine ýetirmek üçin hemişelik iş toparyny döretmek we ilkibaşda gadagan edilen harytlaryň sanawyny alyşmak boýunça teklipleri öňe sürdi.

şu gün 16:13
1.4k+

Türkmenistanyň dokma kärhanalary Ýewropa bazarlaryna çykmagyň ýoluny öwrenýär

13-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň wekilleri üçin eksport taýýarlygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýerli dokma öndürijilerini Ýewropa Bileleşiginiň bazaryna goşmaga bagyşlanan okuw......

şu gün 16:06
639

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......

şu gün 11:38
741

Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

14-nji aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy....

düýn 14:32
5k+

Serdar Berdimuhamedow Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedini Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär....