BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisi ilkinji gezek täze formatda geçiriler

  • 16.09.2020 10:03
  • 7.4k+

Mejlis öz işine düýn başlady, bu ýyl onuň gün tertibinde esasy temalar köptaraplaýynlyk we koronawirus bolar. Bu barada Sputnik agentligi habar berýär.

Bu ýyl onuň esasy çäresi bolan ýokary derejeli hepde wirtual formatda geçiriler. Munuň sebäbi, döwlet ýolbaşçylarynyň şahsy özüniň gatnaşmagyny talap etmeýän koronawirus pandemiýasydyr. Şeýle-de bolsa, sessiýanyň temasy aktuallygyna galýar - köptaraplaýynlyk (möhüm kararlary kabul etmekde ähli ýurtlaryň hyzmatdaşlygy - red.) we COVID-19.
Aslynda, ýurtlaryň ýolbaşçylaryna ýokary derejeli hepdede şahsy özleriniň gatnaşmagy gadagan edilmeýär. Şeýle-de bolsa, esasy üýtgeşme Baş Assambleýanyň zalynda her ýurtdan diňe bir ýa-da iki wekiliň bolup biljekdigidir.
Ýurtlaryň wekiliýetlerine döwlet we hökümet baştutanlarynyň wideo-ýüzlenmelerini guramanyň ştab-kwartirasyna ibermek maslahat berildi. Bu wideolar 22-29-njy sentýabrda boljak umumy ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Baş Assambleýanyň mejlisler zalynda görkeziler.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanypdy. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň Başlygyň orunbasarlygyna eýýäm 6-njy gezek saýlanyşydyr.

düýn 16:15
2.6k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......