Buker baýragynyň gysga sanawy çap edildi

  • 16.09.2020 09:01
  • 4.2k+

2020-nji ýylda Halkara Buker baýragyna dalaşgärleriň gysga sanawy çap edildi. Oňa Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Zimbabweden, Efiopiýadan we Şotlandiýadan jemi 6 ýazyjy girizildi diýip, baýragyň guramaçylary sişenbe güni mälim etdiler. Bu barada Sputnik habar berýär.

«Şu gün - sişenbe güni, 15-nji sentýabrda Daýan Kukyň (ABŞ), Tsitsi Dangarembganyň (Zimbabwe), Awni Doşiniň (ABŞ), Maaza Mengisteniň (Efiopiýa - ABŞ), Duglas Stýuartyň (Şotlandiýa - ABŞ) we Brendon Teýloryň (ABŞ) 2020-nji ýyldaky çeper eserler üçin Buker baýragynyň gysga sanawyndan orun alan alty ýazyjy hökmünde yglan edilendigine begenýäris" - diýlip, guramaçylaryň habarynda aýdylýar.
Gysga sanawa girizilen eserler 162 kitabyň içinden saýlandy. Dalaşgär görkezilen eserlerdäki wakalaryň arasynda bir enäniň howanyň krizisi sebäpli garasöýmeze öwrülen antiutopik şäherde öz gyzyny halas etmek ugrundaky göreşi; garyp düşüp, Zimbabwedäki durmuş hakykatlary bilen ýüzbe-ýüz bolan aýalyň hekaýaty; 1935-nji ýylda Italiýa Efiopiýa çozan wagtynda urşa gatnaşan afrikaly aýallar hakda adaty bolmadyk wakalar bar.
Baýragyň ýeňijisi 17-nji noýabrda yglan ediler. Gysga sanawa girizilen ýazyjylaryň hersi 2500 funt sterling bilen sylaglanar we olara kitabyny ýörite formatda neşir etmek mümkinçiligi berler. Ýeňiji bolsa 50 müň funt alar.
Geçen ýyl çeper eserler üçin Buker baýragy iki ýazyja - Margaret Etwuda («Wesýetler») we Bernardin Ewarista («Gyz, aýal, beýleki») gowşurylypdy.
Buker baýragy 1969-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär. 2014-nji ýyla çenli baýraga diňe Beýik Britaniýanyň, Irlandiýanyň we Iňlis arkalaşygynyň ýurtlarynyň raýatlary eýe bolup bilýärdi. 2014-nji ýyldan bäri düzgünler üýtgedi, indi ýazyjylaryň islendik pasport bilen baýrak almaga mümkinçiligi bar. Esasy şert - romanyň iňlis dilinde ýazylmagy we baýragyň gowşurylýan ýylynda Angliýada resmi neşirýat tarapyndan neşir edilmegi.

düýn 11:37
2.6k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

düýn 07:28
6.3k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

düýn 00:08
6.6k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 23:16
4.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......