Söwda, naharhana, hyzmatlar we sport kärhanalarynyň işine çäklendirmeler uzaldyldy

  • 14.09.2020 20:40
  • 35k+

Türkmenistanda azyk we gündelik sarp ediş harytlary dükanlaryndan daşary, söwda nokatlarynyň işine girizilen wagtlaýyn çäklendirmeler şu ýylyň 15-nji oktýabryna çenli uzaldyldy diýip, ORIENT habar berýär.

Jemgyýetçilik naharhanalarynyň - banket zallarynyň, restoranlaryň, kafeleriň, garbanyşhanalaryň we ş.m. işine wagtlaýyn çäklendirmeler 15-nji oktýabra çenli uzaldyldy.
Şuňa meňzeş çäklendirmeler hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar we kärhanalar - (kinoteatrlar, teatrlar, oýun attraksionlary, muzeýler, gözellik salonlary, hammamlar), sport desgalary (basseýnler, fitnes we aerobika klublary), eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, gysga möhletli okuwlar we oýun merkezleri üçin giňeldilýär.
Şol bir wagtyň özünde, jemgyýetçilik hyzmatlary pudagynda dellekhanalaryň we tikinçilik atelýeleriniň ähmiýetini göz öňünde tutup, bu desgalara berlen iş rugsady 1-nji oktýabra çenli uzaldyldy. Dellekhanalar we tikinçilik atelýeleri häzirki sanitariýa we arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek bilen, sagat 09:00-dan 20:00-a çenli iş tertibinde işläp bilerler.

düýn 15:18
5.6k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
10k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......

30.03.2026 23:13
13k+

Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?

Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär....

30.03.2026 10:47
9.8k+

Fransiýa güýçli ýel-ýagyn zerarly 5,2 milliard ýewrolyk zyýan çekdi

2025-nji ýylda Fransiýada bolup geçen tebigy harasatlar we betbagtçylyklar jemi 5,2 milliard ýewro möçberinde maddy zyýan ýetirdi. Bu barada France Assureurs ätiýaçlandyryş agentligi habar berýär....