Awstriýaly Dominik Tim US Open ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 15.09.2020 16:04
  • 3.3k+

Awstriýaly tennisçi Dominik Tim ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň (US Open) ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda ol Germaniýadan Aleksandr Zwerewi ýeňmegi başardy, diýip Championat.com habar berýär.

US Open ýaryşy Nýu-Ýorkda geçirildi. Tim bilen Zwerewiň final duşuşygy awstriýaly türgeniň 2:6, 4:6, 6:4, 6:3, 7:6 (8:6) hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy. Setler boýunça 0:2 hasabynda ýeňlip gelýändigine garamazdan, awstriýaly türgen umydyny üzmän, haýran galdyryjy öwrülişik etmegi başardy. Bäsdeşler kortda (tennis meýdançasynda) dört sagatdan gowrak eglendiler.
Bu baýrak 27 ýaşly Timiň karýerasynda Uly tuwulga ýaryşlarynda ilkinji gazanan üstünligidir. Tim 1990-njy ýyllarda doglan nesiliň wekillerinden ilkinji bolup «Tuwulga» mynasyp bolmagy başardy.
Ýeňşi üçin awstriýaly türgen $3 mln möçberinde pul baýragyny aldy.

şu gün 08:32
724

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......