«Atletikonyň» tälimçisi Diego Simeone koronawirus bilen keselledi

  • 13.09.2020 15:46
  • 6.9k+

Madridiň «Atletiko» toparynyň baş tälimçisi Diego Simeoneniň koronawirus barlagy položitel netije berdi. Bu barada ispan toparynyň web sahypasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Anna güni Los Anheles de San Rafaeldäki türgenleşik lagerinden gaýdyp gelenlerinden soň, topardakylaryň biriniň penşenbe güni tabşyran koronawirus synagynyň položitel bolup çykandygy sebäpli, toparyň ähli agzalarynyň COVID-19 synagyndan geçendigi bellenilýär.

"Bagtymyza, tälimçide keseliň alamatlary (kesel) ýok, häzir ol öýünde üzňelikde saklanylýar" diýlip, habarda aýdylýar.

“Atletiko” Ispaniýanyň çempionatynda indiki oýny 27-nji sentýabrda "Granada" bilen öz öýünde geçirer. Ondan öň aýyň 16-synda oňa "Kadis" bilen ýoldaşlyk duşuşygy garaşýar.

şu gün 08:32
774

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......