Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň çäreleri beýan edildi

  • 12.09.2020 17:41
  • 19k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň çäreleri barada habar berdi.

Häzirki döwürde ýiti ýokanç kesel zerarly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý zerarly halkara ulag düzüminiň durnukly hereketini üpjün edýän täze halkara-hukuk guralyny döretmek zerurlygy ýüze çykýar.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Oňa nobatdaky mejlisde garamak meýilleşdirilýär.
Ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň wajyp meseleleri Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatynyň gün tertibine giriziler. Ony BMG bilen bilelikde 2021-nji ýylda biziň ýurdumyzda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem BMG-niň sebit komissiýalary, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Aziýa we Ýuwaş umman boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bardyr. 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda bu düzümler bilen bilelikde ulag meselesine bagyşlanan ýokary derejedäki sebit gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem bu ugur boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin hukuk binýady pugtalandyrmak babatda anyk işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 22-nji awgustynda Mejlisiň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň ulag boýunça halkara resminamalarynyň 6-syna goşulmagy hakyndaky Kararlary kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň gümrük amallarynyň ýeňilleşdirilmegi we sazlaşyklygy hakynda Halkara konwensiýa (Kiot konwensiýasy) goşulmagy hakyndaky teklibi beýan etdi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer.
Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ulag pudagyny sanly ulgama geçirmegiň çäklerinde, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu ugurda ýurdumyzda “ASYСUDA World” utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň taslamasy durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, BMG ÖM, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy hem-de Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde “Eksport-import amallary üçin “bir penjire” atly taslamasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek boýunça Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.
Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (“Lapis Lazuli”) ugry boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň uzak möhletli geljege gönükdirilen ulag strategiýasynyň BMG-niň giň goldawyna mynasyp bolýandygyny we özüniň oňyn netijesini berýändigini belläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de bu ugurdaky işi yzygiderli dowam etmegi, ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

şu gün 16:04
1k+

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» forumy täze mümkinçiliklere ýol açdy

Türkmenistanda hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly II halkara forum geçirildi. Çäre 18-nji martda ýurduň Söwda-senagat edarasynda boldy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan serginiň çäginde guraldy...

şu gün 15:51
1.4k+

Pekinde Raşid Meredow bilen Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi

18-nji martda Pekinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy. Gepleşikler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyrýan saparynyň çäginde geçirildi...

şu gün 10:26
8.7k+

Milli Lider Prezident Serdar Berdimuhamedowy wezipesine girişen güni bilen gutlady

Şu gün — 19-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halky tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl bolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa türkmen halkynyň we Halk Maslahatynyň adyndan gyzgyn gutlaglaryny ýollady...

şu gün 10:21
5.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň CNPC korporasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy...