AFK-nyň Kubogy-2020 ýaryşy togtadyldy

  • 11.09.2020 18:20
  • 5.1k+

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy AFK-nyň Kubogy 2020-niň togtadylýandygy barada habar berdi diýip, guramanyň resmi saýtyna salgylanyp, Turkmenportal habar berýär.

Bu barada AFK-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň onlaýn arkaly geçirilen ýygnagynda belli edildi diýlip, habarda aýdylýar.
Gelnen bu netije ilkinji nobatda ýaş oýunçylaryň saglyklaryna ünsi güýçlendirmek maksady bilen baglydyr diýlip habarda bellenilýär. Olaryň ýaryşlara gatnaşmak üçin uzak ýola gitmeli boljakdyklary nazara alnyp, şu ýyl Bahreýnde hem-de Özbegistanda geçirilmegi göz öňünde tutulan ýetginjekleriň (U16) hem-de ýaşlaryň (U19) arasyndaky Aziýa çempionatlaryny 2021-nji ýylda geçirmek baradaky karara gelindi.
AFK-nyň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, AFK-nyň Kubogynyň zolaklaryň bäşisinde geçirilýändigi bilen bagly logistika sazlaşygynda kynçylyklaryň ýüze çykmak mümkinçilikleri sebäpli AFK-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri şeýle netijä gelipdirler.
Gelnen bu netijäniň, ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyr” toparynyň bu möwsüm Aziýanyň ikinji derejeli bäsleşiginde çykyş edip bilmejekdigini aňladýar. Ýeri gelende bellesek, bu möwsüm paýtagtymyzyň topary AFK-nyň Kubogynda täjikleriň “Istiklol”, “Hujand” hem-de gyrgyzlaryň “Dordoý” toparlary bilen Merkezi Aziýa zolagynda bäsleşmelidi.
Mundan başga-da, bu ýyl geçirilmeli AFK-nyň Raýdaşlyk Kubogynyň hem 2024-nji ýyla süýşürilendigi belli boldy.
Futzal boýunça klublaryň arasyndaky Aziýanyň Çempionlar ligasynyň hem wagty süýşürilip, ol 2021-nji ýylda geçiriler. Şu ýyl BAE-de geçirilmegi meýilleşdirilen Aziýanyň Çempionlar ligasynda ýurdumyzyň çempiony “Köpetdag” toparynyň gatnaşmaga mümkinçilik alandygyny bellemek gerek.
Geçirilen onlaýn maslahatynda FIFA-nyň garamagyndaky saýlama tapgyryň duşuşyklarynyň hemmesiniň göz öňünde tutulan senesinde geçirilmegi barada karara gelindi.
Futbol boýunça AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Gündogar zolagynyň oýunlary 2020-nji ýylyň 15-nji noýabr bilen 13-nji dekabr aralygynda geçiriler. AFK-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň gelen kararyna laýyklykda futbol boýunça AFK-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy Günbatar zolakda şu ýylyň 19-njy dekabrynda geçiriler.

şu gün 08:32
724

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
3.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.6k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......