Ikinji Hazar ykdysady forumy 2021-nji ýylda Moskwada geçiriler

  • 10.09.2020 20:27
  • 7k+

Ikinji Hazar ykdysady forumy 2021-nji ýylda Moskwada geçiriler. Bu barada çarşenbe güni Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen geçirilen gepleşiklerden soň, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow mälim etdi diýip, TASS habar berýär.

«Biz esasy ünsi Hazar deňzi babatdaky hyzmatdaşlyga gönükdirdik. Geljek ýyl Moskwada Ikinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Şol bir wagtyň özünde-de, biz altynjy Hazar sammitine taýýarlyk görýäris. Bu dabara, bu ýolbaşçylaryň duşuşygyna saldamly resminamalar bukjasy garaşýar» diýip, Lawrow belleýär.

Ministr Russiýa bilen Gazagystanyň Hazar sebitinde howpsuzlygy we ulag aragatnaşygyny, daşky gurşawyň goraglylygyny, syýahatçylygyň ösüşini, ylmy gatnaşyklary üpjün etmekde esasy jogapkärçiligi öz içine alýan Hazarýaka bäşliginiň (Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Türkmenistan) çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň zerurlygy babatda bitewüdigini nygtady.
Ýeri gelende bellesek, Birinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda geçirildi.

düýn 22:17
733

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.5k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....