Türkmenistanda futbol duşuşyklaryny ýaýbaňlandyrmak meseleleri maslahatlaşyldy

  • 09.09.2020 22:58
  • 8.5k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 3-nji hem-de 4-nji aýlawlarynyň, şeýle-de, Kubok bäsleşiginiň geçiş tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada federasiýanyň resmi saýty habar berýär.

Geçirilen ýygnaga TFF-niň resmi wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň futbol çempionatyna gatnaşýan toparlaryň ýolbaşçylarydyr baş tälimçileriniň gatnaşdy.
Ýygnagyň netijesine görä, futbol çempionatymyzyň hem-de Kubok bäsleşiginiň oýunlarynyň seneleri hem-de geçiş tertibi golaý wagtda belli ediler.
Ýeri gelende bellesek, futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizsiniň (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Energetik”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş edýändigini ýatladýarys.
Geçirilen 14 tapgyrdan soň 33 utuk toplan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde “Ahal” (31 utuk) bilen “Şagadam” (22 utuk) toparlary ornaşdylar.
Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynda Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 8-si gatnaşar.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......